Turkmenportal logo
26.08.20
75627562
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi

24-nji awgustda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň girewidir” atly brifing geçirildi.


Çärä Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy jenap Endo Toşiaki, bu toparyň sekretariatynyň ýolbaşçysy Matsuşita Şinpeý, şeýle-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň, Daşary işler ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Brifingde çykyş eden Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy, halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegindäki ähmiýetli orny barada giňişleýin gürrüň berdi. Parahatçylyksöýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegi ýaly möhüm ugurlaryň oňyn Bitaraplygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy beýan edildi.