Turkmenportal logo
13.08.20
1584315843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa ýakyn iki hepdäniň içinde COVID-19-a garşy ilkinji sanjyma başlar

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda ýurtda koronawirusa garşy sanjymyň ilkinji toparynyň iki hepdäniň içinde başlajakdygyny we töwekgelçilik toparlaryndan bolan adamlaryň ilkinji bolup kabul ediljekdigini habar berýär.


Şeýle hem ministr koronawirusa garşy taýýarlanan täze sanjymynyň esassyzdygy baradaky aýyplamalary ret etdi. Ol: "Hakykatdanam, köp ýurt gözleg üçin belli bir mejbury usullary ulandy, ýöne rus sanjymy eýýäm belli bir kliniki maglumatlar arkaly esaslandyrylan çözgüt".


 Bu sanjym  häzirki wagtda öwrenilýär, eýýäm kliniki barlaglar geçirildi we oňyn netije hem gazanyldy. 


Mundan ozal Putiniň dünýäde ilkinji koronawirus sanjymynyň hasaba alnandygyny we BSGG-nyň metbugat sekretarynyň Putiniň dünýäde ilkinji COVID-19 sanjymyny bellige alandygyny yglan edendigini habar berdik.