Soňky habarlar

Arhiw

Putin dünýäde ilkinji waksinanyň hasaba alnandygyny habar berdi

14:1011.08.2020
0
25624

Dünýäde ilkinji koronawirus sanjymy Russiýada hasaba alyndy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet agzalary bilen duşuşygynda aýtdy.

Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşkodan bu sanjym barada maglumat bermegini haýyş eden Putin: «Onuň örän netijelidigine, durnukly immuniteti emele getirjekdigine ynanaryn we gaýtalaýaryn: waksina ähli zerur synaglardan geçdi» diýdi.

― Waksinanyň synaglary ýokary netijeli we howpsuzdygyny görkezdi ― diýip, ministr aýtdy. ― Ähli meýletinçiler COVID-19-a ýokary derejeli antikorlary döretdiler. Waksina olaryň hiç birinde hadysalary ýüze çykarmady.

Gamaleýa gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen sanjym «Binnofarm» kompaniýasy bilen bilelikde öndüriler.

Russiýa sanjymy daşary ýurtlara hem satmagy meýilleşdirýär. Sebbäi birnäçe ýurt oňa isleg bildirýär.

Sanjym Russiýanyň raýatlarynda tapgyrlaýyn ulanylyp başlar. Ministriň aýdyşy ýaly, ol ilki bilen lukmanlara we mugallymlara urlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň