Turkmenportal logo
15.07.20
8630486304
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG-niň Türkmenistandaky missiýasy tamamlandy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şu gün Türkmenistandaky missiýasyny tamamlady we netijede  ýurtda koronawirus ýok.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň missiýasynyň başlygy, BSGG-nyň Ýewropa býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça uly hünärmeni, doktor Katrin Smolwud şu günki  brifingde Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guralan ýörite gatnaw bilen missiýanyň ugradylýandygyny habar berdi.


BSGG=niň missiýasynyň ýurtdaky koronawirus bilen ýagdaýy öwrenmek üçin 6-njy iýulda Türkmenistana gelendigini ýatladýarys. Türkmenistanyň hökümeti missiýanyň agzalary üçin lukmançylyk edaralaryna, saglyk merkezlerine, laboratoriýalara sapar gurady. Şeýle hem, Türkmenbaşy deňiz portuny goşmak bilen 3 giriş nokady gözegçilik edildi.