Turkmenportal logo
14.07.20
76797679
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň çempionynyň derwezesine pökgi geçirdi

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň Superligasynyň 9-njy tapgyrynyň esasy duşuşygynda tapawutlandy. Bu duşuşyk çempionatda birinji we ikinji orunlary paýlaşýan «Pahtakor» bilen AGMK-niň arasynda geçirildi.


2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykdaky ilkinji pökgini türkmenistanly ýarym goragçy geçirdi. Ol duşuşygyň 33-nji minudynda pökgini derwezä kellesi bilen geçirdi.


Duşuşygyň 22-nji minudynda hem biziň ildeşimize tapawutlanmaga mümkinçilik döredi. Çempion toparyň goragçylaryndan pökgini ussatlyk bilen alan Arslanmyrat Amanow ony uzak aralykdan derwezä gönükdirdi. Ýöne pökgi ýolugra ugruny üýtgetdi. Ildeşimiz 80-nji minutda ornuny Saýdullo Rahmatowa berdi.


Bu gol Arslanmyrat Amanowyň möwsümdäki ikinji goludyr.


Bu duşuşykdan soňra ýaryş tertibiniň lideri «Pahtakorda» 22, AGMK-da 21 utuk bar.