Turkmenportal logo
09.07.20
971971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alty aýda Lebapda öndürilen senagat önümleri 7,2 milliard manada golaýlady

Şu ýylyň alty aýynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 7 milliard 166 million 539 müň manada barabar boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.


Şonda önümleriň diňe 2 milliard 135 million 682 müň manatlygynyň döwlet eýeçiligindäki senagat kärhanalarynda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi möhüm pudakda hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyndan habar berýär.


2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depgini elektrik energetikasynda, himiýa, ýeňil senagatynyň kärhanalarynda emele geldi.