Turkmenportal logo
24.06.20
77857785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy wirtual sergä gatnaşmaga çagyrýar

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Made in Belarus#AgroFood” atly wirtual sergä gatnaşmaga çagyrýar. Sergide Belarusyň oba hojalyk önümleriniň öndürijileriniň 30-syna degişli önümler görkeziler.


Serginiň çäklerinde onlaýn görnüşinde halkara oba hojalyk maslahatyny hem geçirmek meýilleşdirilýär.


Sergi ýurduň ministrlikleriniň, hökümet edaralarynyň, söwda-senagat edarasynyň we hususy taraplarynyň ýardam bermeginde Belarus söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýär.


2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda geçiriljek onlaýn sergä gatnaşmak mugtdur. Oňa https://www.belinterexpo.by/exhibition/virtual/ salgysy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.