Turkmenportal logo
23.06.20
54055405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatly ýetginjekler futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldular

«Aşgabat» topary 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Ýeňijisi bir aýlawda kesgitlenen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Şagadamdan» üstün çykan «Aşgabat» topary 15 utuk toplady. Paýtagtyň adybir topary kenarýaka şäherden gelen garşydaşlaryny 5:1 hasabynda ýeňdi. 7-nji tapgyryň beýleki iki duşuşygy şol bir hasapdaky deňlik (1:1) bilen tamamlandy. Olarda «Balkan» bilen «Ahal», «Daşoguz» bilen «Lebap» duşuşdy.


11 hem-de 10 utukdan toplan «Daşoguz» bilen «Balkan» toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar.


Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik eden toparlaryň 7-siniň gatnaşmagyndaky birinjiligiň oýunlarynyň  Daşoguz şäherinde geçirilendigini ýatladýarys.