Turkmenportal logo
15.06.20
1103011030
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary başlandy

15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady ― diýip, TDH ýazýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşoguz welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soňra Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.


Milletiň Lideriniň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär.