Turkmenportal logo
09.06.20
2153621536
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sarahs ― Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.


Täze köpriniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Desga inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülere kybap gelýär we agram, ýük göterijilik, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edildi. Gurluşykda seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki tehniki häsiýetnamalary üpjün edýän ýokary berkligi bolan gurnamalar peýdalanyldy.


Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen — Sarahs, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly gurnaldy.