Turkmenportal logo
31.05.20
1234412344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bakuda Türkmenistanyň täze ilçihanasy gurlar

Azerbaýjan Respublikasynyň Parlamenti Türkmenistanyň Bakudaky ilçihanasynyň gurluşygy üçin ýer bölünip berilmegini tassyklady. Türkmenistan bilen ilçihanalara ýer kärendesine berilmegi göz öňünde tutulan Hökümetara ylalaşyk şu gün – 31-nji maýda umumy mejlisde azerbaýjan parlamenti tarapyndan tassyklanyldy.


Mundan başga-da, Milli Mejlis “Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjanyň hökümetiniň arasyndaky 2008-nji ýylyň 19-njy maýynda halkara awtoulag aragatnaşygy baradaky şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Teswirnamany” tassyklady.


Interfaks-Azerbaýjanyň habaryna görä, iki resminama-da 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ylalaşylypdy.