Turkmenportal logo
18.05.20
1168011680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül çemenlerini goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.


Döwlet Baştutany Aşgabatdaky Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. Milletiň Lideriniň göreldesi bilen bu ýere ýygnanan müňlerçe watandaşlarymyz binanyň öňündäki ýörite ýere ter gül desselerini goýdular.


Şeýle hem milletiň Lideri Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül çemenini goýdy.