2002-nji ýylda doglan ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň futbol boýunça birinjiligi Lebap welaýatyndan gelen toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Welaýatyň adybir futbol topary final duşuşygynda Mary welaýatyndan gelen ýaşlary 2;1 hasabynda ýeňip, çempion boldy.
Ähli duşuşyklary «Gökje» sport toplumynda geçirilen ýaryşa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň sebitlerinden toparlaryň 8-si gatnaşdy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň toparlary çempionlyk, GOÝÇYSM we Balkan welaýatynyň topary üçünji orun üçin göreşdiler.
Üçünji orun ugrundaky duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bu deňlik ýarym sagatlyk goşmaça wagtda hem üýtgemedi. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde çözüldi. Şol urgular boýunça 4:3 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň GOÝÇYSM topary milli birinjiligiň bürünç medalyna mynasyp boldy.
Lebaply hem-de maryly futbolçylaryň arasyndaky çempionlyk göreşiniň esasy wagty hem deňlik bilen tamamlandy. Ýöne bu duşuşykda 90 minudyň dowamynda her tarap garşydaş derwezä bir pökgi girizip bildi. Duşuşyk ykbaly bolsa, goşmaça ýarym sagatlyk wagtda kesgitlenildi. Goşmaça wagtda «Lebap» topary garşydaş derwezä ýene bir pökgi geçirip, ýaryşyň çempiony bolmagy başardy.
Ýaryş Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň tälimçileriniň hem üns merkezinde boldy. Çünki 2002-nji ýylda doglan futbolçylar eýýäm 18 ýaşynda. Bu ýaryşdaky üstünlikli oýun bolsa olar üçin has uly toparlaryň gapylaryny hem açyp biljek. Şonuň üçin tälimçiler ezber futbolçylary özlerine bellige alyp, käbirleri bilen ilkinji gepleşikleri hem geçirdiler.