Turkmenportal logo
16.04.20
59895989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF ýaşlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýaşlaryň arasyndaky milli çempionatyň 4-nji tapgyry baradaky resmi maglumatlary yglan etdi.


Federasiýanyň resmi saýtynda hem beýan edilişi ýaly, 18-nji aprelde «Altyn asyr-2» Gökje ýaşaýyş toplumyndaky futbol meýdanynda «Köpetdag-2-ni» kabul eder. Duşuşyk 16:30-da başlanar.


Çempionat 19-njy aprelde oýnaljak üç duşuşyk bilen dowam eder. Şol gün Balkanabatdaky Sport toplumynda «Nebitçi-2» «Energetik-2-ni» kabul eder. Bu duşuşyk gündiz sagat 14:30-da başlar.


Şol gün Baýramaly şäherinde 16:30-da başlanjak duşuşykda «Merw-2» «Aşgabat-2-ni» kabul eder. Änew şäherindäki stadionda bolsa «Ahal-2» bilen «Şagadam-2» duşuşar.


Yzda galan üç tapgyrdan soňra 7 utuk bilen «Nebitçi-2-niň» ýaryşyň başyny çekýändigini ýatladýarys.