Turkmenportal logo
06.04.20
42584258
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Biçüwiň» «Nurland» haryt nyşanly erkek lybaslary barha meşhurlyk gazanýar

2016-njy ýyl­da te­le­ke­çi Nur­mäm­met Nur­mäm­me­dow tarapyndan esaslandyrylan «Biçüw» hojalyk jemgyýetiniň tikinçilik sehi Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň 15-nji tap­gy­ryn­da ýer­leş­ýär. Bu ýerde ez­ber el­li ti­kin­çi­le­riň 50-den gow­ra­gy zäh­met çe­kip, olar er­kek­ler üçin ni­ýet­le­ni­len «Nur­land» ha­ryt ny­şan­ly egin-eşik­le­ri ti­kip taý­ýar­la­ýar­lar ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.


Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň bu işde 40 ýyldan gowrak tejribesi bar. Tikinçiler tikmek üçin saýlanyp alnan matadan başlap, biçüw, tikin işleriniň ählisi babatda tejribeli hünärmene maslahat bilen ýüz tutýarlar. Nurmämmet ýaltanmaýar, olaryň her biri bilen aýratynlykda işleşýär. Bu bolsa, her bir önümiň ýokary hilli çykmagyna getirýär.


— Biz köplenç buýurmalar esasynda işleýäris. Müşderiniň islegine görä, biçip, tikýäris. Olara döwrebap biçüwleriň dürli görnüşlerini hödürleýäris. Köplenç ýagdaýda tikdirýän eşiginiň ülňüsini müşderiniň özi salgy berýär. Tikin işinde, onda-da ol egin-eşik babatda bolanda, şol bir biçüwi ulanyp ýörüp bolmaýar. Döwrüň talabyna, halkyň islegine görä işlemeli bolýar. Şonuň üçin biz «Kämillige yhlas» diýen şygar astynda işläp, öz hünärimizi yzygiderli kämilleşdirip, ösdürip durýarys. Täzeden-täze ülňüleriň üstünde işleýäris. Bu bolsa, biziň müşderilerimiziň sanyny artdyrýar — diýip, neşir «Biçüw» hojalyk jemgyýetiniň menejeri Bägül Garajaýewanyň aýdanlaryny getirýär.


 

«Biçüwiň» «Nurland» haryt nyşanly erkek lybaslary barha meşhurlyk gazanýar | Turkmenportal.com