Turkmenportal logo
02.04.20
84728472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy hem-de dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen wideokonferensiýa ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, birnäçe agentlikleriň hem-de ulag-logistika merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


Gruziýa tarapyndan wideokonferensiýa daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, maliýe ministriniň orunbasary hem-de agentlikleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem wideokonferensiýa Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy.


Wideokonferensiýanyň barşynda ulag-üstaşyr ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Taraplar “Hazar deňzi — Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge üns berdiler we logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler.