Turkmenportal logo
30.03.20
1132911329
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokio Olimpiadasynyň haýsy günlerde geçiriljekdigi mälim edildi

Bir ýyl soňa süýşürilen Tokio Olimpiadasynyň haýsy wagtda geçiriljekdigi mälim edildi. Halkara Olimpiýa komiteti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geljek ýylyň 23-nji iýuly – 8-nji awgusty aralygynda geçiriljekdigini habar berdi.


Tokio – 2020 Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda parahatçylyk ýagdaýynda wagty süýşürilen ilkinji, Olimpiada boldy. 124 ýyllyk taryhynda Olimpiadalar mundan öň Birinji we Ikinji Jahan uruşlary sebäpli geçirilmändi. 1916-njy ýylda Berlinde geçirilmeli edilen oýunlar 1-nji Jahan urşy sebäpli goý bolsun edildi. 1940-njy ýylda Tokioda geçirilmeli edilen Olimpiýa oýunlary 2-nji Jahan urşy sebäpli Finlýandiýanyň Helsinki şäherine berildi. Ýöne ony bu şäherde-de geçirmek başartmady. Soňra 1944-nji ýylda Londonda guralmaly tomusky Olimpiada hem 2-nji Jahan urşy sebäpli geçirilmedi.