Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinzo Abe Olimpiýa oýunlarynyň bir ýyl soňa süýşürilendigini habar berdi. Ol: "Häzirki ýagdaýda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek mümkin däl. Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bah bilen oýunlary geljek ýyl geçirmek babatda ylalaşdyk" diýip aýtdy.

