Turkmenportal logo
21.03.20
1145011450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek çäresine gatnaşdy

Şu gün ― 21-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky bag ekmek çäresine gatnaşdy. Türkmen döwletiniň Baştutany egindeşleri bilen bilelikde, Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýyndaky meýdanda bag nahallaryny ekdi.
Milletiň Lideriniň göreldesine eýerip, şu gün türkmenistanlylar bu köpçülikleýin işe işjeň gatnaşdylar. Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu ýyl Türkmenistanda 10 million düýp bag ekiler. Şolaryň 70 göterimi ýazky bag ekmek möwsümine degişlidir.
Soňky ýyllarda ýurtda bu däbe yzygiderli eýerilýär. Türkmen halky döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, ýazda we güýzde bak ekmek çäresine işjeň gatnaşýar. Geçirilýän işleriň netijesinde ýurtda ýaş baglaryň uly tokaýlygy emele gelýär.