Turkmenportal logo
17.03.20
87238723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2020: «Köpetdag» birinji orna gaýdyp geldi

Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ýene-de birinji orna çykdy. Içeri işler ministrliginiň topary Ýokary liganyň 3-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 30-njy minutda goragçy Ýazgylyç Gurbanow geçirdi. Myhmanlar bolsa Akmämmet Metdäýewiň 77-nji minutda ikinji sary kart sebäpli oýundan çykarylmagy bilen duşuşygy bir futbolçy azlykda tamamladylar.


Bu ýeňişden soňra Tofik Şukurowyň şägirtleri utugyny 7-ä çykardylar. Olar ikinji orundaky «Ahaldan» 1 utuk köp toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýärler.


Çempionatdaky indiki duşuşyk 20-nji martda geçiriler. 1-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşykda «Altyn asyr» «Merwi» kabul eder.


Hasaplamalary söýýänler üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris:


«Köpetdag» – «Nebitçi» – 1:0 (1:0)


2020-nji ýylyň 17-nji marty. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 600 tomaşaçy.


Pökgi geçiren: Ýazgylyç Gurbanow, 30.


Duýduryş berlenler: Elýas Akyýew, 19 ― Nurtagan Mämmedalyýew, 45+1, Akmämmet Metdäýew, 56.


Oýundan çykarylan: Akmämmet Metdäýew («Nebitçi»), 77 (2-nji s.d.k.).


Emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat).


Kömekçileri: Pälwan Pälwanow (Daşoguz), Ahmet Begnazarow (Mary).


Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat).


Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat).