Turkmenportal logo
09.03.20
85248524
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA we AFK Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň täze senesini kesgitlediler

Halkara futbol federasiýalarynyň assosiasiýasy (FIFA) Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň täze senelerini kesgitledi. FIFA Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bilen hem maslahatlaşyp, bu çempionaty şu ýylyň 5 ― 16-njy awgusty aralygynda geçirmek kararyna geldi.


Ozal 26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen yklym çempionaty AFK tarapyndan başga bir senä geçirilipdi. Mälim bolşy ýaly, Aziýa çempionaty yklymyň milli ýygyndylarynyň 16-synyň arasynda geçiriler.


Çempionatyň duşuşyklary Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda bolar. Yklym ýaryşynda iň gowy netijeleri görkezen bäş ýygyndy 12-nji sentýabr ― 4-nji oktýabr aralygynda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.