Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bitaraplygyň bahar gülleri» atly sergi ýaýbaňlandyryldy. Serginiň ekspozisiýasyndaky müň bir öwüşginli şekillendiriş, amaly-haşam sungat eserleri sergä gelenlere ýakymly täsirleri bagyşlady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Islamowanyň, şeýle hem Gülbahar Annagulyýewanyň, Gülara Babaýewanyň, Gözel Babaýewanyň, Bahar Gylyçlyýewanyň, Şirin Gylyjowanyň, Alma Garlyýewanyň, Aýjemal Çaryýewanyň, Oguljennet Mollaýewanyň, Gülşirin Berdiýewanyň, Jeren Çaryýewanyň hem-de Ogulgerek Myradowanyň dürli ýyllarda döreden işleri sergini bezeýär.
Suratkeş mugallymlaryň amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, küýzegärçilik, zergärçilik eserleri bilen birlikde, nakgaşlyk işleriniň hem görkezilmegi olaryň döredijiliginiň köpgyraňlydygyny aňladýar. Küýzegär Dursunsolmaz Muhammedowanyň keramika eserlerinden başga-da, natýurmort, portret žanrynda döreden nakgaşlyk işlerini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Halypa mugallymyň syrçaly keramika eserlerinde bahar paslynyň ajaýyp gözellikleriniň sungatdaky sazlaşygyny görmek bolýar. D.Muhammedowanyň «Tebigat», «Bagt», «Gupbaly gyzjagaz» atly eserleri çeperçilik çözgütleri, täzeçillikleri bilen tapawutlanýar. Mahlasy, küýzegärleriň eserlerinde sungatyň nusgawy däpleriniň milli häsiýetleri öz beýanyny tapýar.
Zehin siňdirilip, sünnälenen şaýsepler türkmeniň milli mirasy, halk döredijiligi esasynda döredilipdir. Aýjemal Çaryýewanyň we Şirin Gylyjowanyň many-mazmuna baý şaý-sepleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halyçy mugallym Gülşirin Berdiýewanyň nepislik bilen döreden haly we haly önümleri sergä gatnaşanlarda gyzyklanma döretdi. Zenanlaryň ýantorbalarydyr gapjyklary milli mazmuny özünde jemleýär.
Sergiler jaýyndaky köpöwüşginli eserler türkmen tebigatynyň gözel görnüşleri ýaly sazlaşygy döredýär.