Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Nurly Meýdan” daýhan hojalygy Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň söwda nokatlaryny 40-45 müň sany bägüller bilen üpjün eder.
Gül meýdany Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bir gektar ýerde ýerleşýär. Ol ýerde ýylboýy golland bägülleriniň 17 görnüşi ýetişdirilýär, olar mylaýym ysy we uzyn baldagy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Ýyladyşhanalaryň dury gümmeziniň aşagynda açyk gyzyl we ak, goýy gyzyl, sary we gara mahmal gözeller, benewşe-gülgün güller, limon reňkli bägüller, şeýle hem näzik gülgün öwüşginli gyrmyzy-mämişi maýyl ediji gunçalar bilelikde ösýärler.
Telekeçi tohumyny dünýäniň seçgi paýtagty hasaplanylýan Gollandiýadan satyn alýar. Ýokary tehnologik enjamlar nahallaryň takyk damjalaýyn suwaryşyny geçirmäge ýol berýär. Howa gözegçilik ulgamy ýyladyşhanada ýylylyk düzgünini we çyglylygy saklaýar. Hemme iş awtomatlaşdyrylyp, oňa kompýuteriň kömegi bilen gözegçilik edilýär.
“Gül Jahan” ýyladyşhana toplumyny tebigy sazlaşygynyň we adam eliniň hünäriniň birleşmesi bilen maýyl edýän jennet bagyna deňeşdirip bolar. Häzirki wagtda ösümliklere ideg etmegiň häzirki zaman ulgamlary bilen üpjün edilen ýene-de bir ýyladyşhananyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Gül hojalygynyň giňeldilmegi bilen ýerli ýaşaýjylar üçin täze iş orunlary hem dörär.
Gülleri paýtagtdaky “Gül Jahan” dükanlaryndan, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň söwda nokatlaryndan, şeýle hem ýörite sowadyjy ulaglarda eltilýän ýurduň beýleki sebitlerinde satyn alyp bolýar.