Turkmenportal logo
02.03.20
52715271
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» «Akron» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda deňme-deň oýnady

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkiýede Tolýattiniň «Akran» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada rus toparynyň resmi saýty habar berýär.


Belekdäki «Arcadia Sport Center» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


«Akron» Tolýatti şäherinde 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Topar häzirki dowam edýän möwsümde Russiýanyň çempionatynyň Profesional futbol ligasynda ýaryşýar.


Täze möwsüme taýýarlyklaryň çäginde «Altyn asyr» Belarusyň «Ruh» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.