Turkmenportal logo
02.03.20
56395639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» Slowakiýanyň «Spartak Miýawa» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary Slowakiýanyň «Spartak Miýawasy» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.


AFK-nyň kubogy ― 2020-niň toparçalaýyn tapgyrynda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyny gazanan «Altyn asyr» halkara ýaryşa Türkiýede taýýarlanýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler.


28-nji fewralda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň häzirki futbol çempiony Slowakiýanyň «Spartak Miýawa» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. 32-nji minutda Erik Peha slowaklary öňe saýlady, ýöne ikinji ýarymda Myrat Annaýew jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi.


«Spartak Miýawa» futbol topary 1920-nji ýylyň 8-nji awgustynda «SK Miýawa» ady bilen döredildi. Ol öz duşuşyklaryny 2 müň orunlyk «Miýawa» stadionynda geçirýär. Topar Slowakiýanyň Garaşsyzlygyny gazanaly bäri 2008 ― 2009-njy ýyllaryň möwsümine çenli ýurduň dördünji ligasynda ýaryşdy. Ýöne soňky möwsümlerde ýokarky basgançaklarda hem çempion bolup, 2012 ― 2013-nji ýyllaryň möwsüminde iň ýokarky liga çykmagy başardy. Ýöne topar häzir hem üçünji ligada ýaryşýar.


Täze möwsüme taýýarlyk görýän «Altyn asyr» Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birnäçesini geçirer.