Turkmenportal logo
28.02.20
1869818698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda käbir harytlaryň gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy

Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Resminama laýyklykda:


  • Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri;
  • Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Karar 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýär.