Turkmenportal logo
21.02.20
1607516075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarlaryny belledi

“Türkmenistanda wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny wezipä bellemegiň hem-de wezipeden boşatmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 374-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen:


Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow - Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary;


Mergen Aýmuhammedowiç Orazow - Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.