Turkmenportal logo
21.02.20
1486914869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» Mekan Saparowyň şertnamasyny möwsümiň ahyryna çenli uzaltdy

«Altyn asyr» futbol topary goragçy Mekan Saparowyň şertnamasyny uzaltdy. 25 ýaşly futbolçy şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de «Altyn asyrda» çykyş eder diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.


Mekan Saparow «Altyn asyrda» 2018-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol «Altyn asyryň» hem, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem esasy oýunçylarynyň biri. Milli ýygyndyda henize çenli 28 duşuşyk geçiren goragçy ilkinji duşuşygyna 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda Filippinleriň ýygyndysyna garşy çykypdy.


Bu futbolçy bilen Aziýanyň öňdebaryjy toparlarynyň käbiriniň hem gyzyklanýandygyny aýtmak gerek.

«Altyn asyr» Mekan Saparowyň şertnamasyny möwsümiň ahyryna çenli uzaltdy | Turkmenportal.com