Turkmenportal logo
12.02.20
93059305
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatarynyň öňünde täze wezipeleri goýdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy ― diýip, TDH habar berýär.


Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.


Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Bu çykyş «Turkmenportalyň» aýratyn habarynda dolulygyna berilýär.