Turkmenportal logo
05.02.20
53675367
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arslanmyrat Amanow AGMK-niň nobatdaky ýeňşine goşant goşdy

AGMK futbol kluby Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň barşynda Hytaýyň «Sindao Haýnýu» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk özbek toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu barada «Championat.asianyň» habarynda aýdylýar.


Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow meýdana ikinji ýarymda çykyp, gazanylan ýeňşe uly goşant goşdy.


Biziň ildeşimiziň AGMK bilen ýanwar aýynda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Ol bu toparda mundan ozal 2015, 2016-njy ýyllarda hem futbol oýnapdy.


AGMK indiki ýoldaşlyk duşuşygyny hem Hytaýyň Superligasynyň wekili bilen geçiriler. Toparyň 8-nji ýanwardaky garşydaşy «Şandun Lunen Taýşanyň» düzüminde Fellaýni, Pelle, Sýunmin ýaly dünýä ýyldyzlary futbol oýnaýar.