Turkmenportal logo
31.01.20
2911429114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky teatrlaryň we Döwlet sirkiniň peteklerini onlaýn satyn almak ýola goýuldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Aşgabatda ýerleşýän teatrlaryň we Döwlet sirkiniň peteklerini internetiň üsti bilen onlaýn usulda satmaklygy ýola goýdy. 


Munuň üçin tomaşaçylar ykjam telefony arkaly “Google Play” we “App Store” ulgamlarynda ýerleşdirilen “Türkmenteatarlary” programmasyndan ýa-da www.turkmenteatrlary.gov.tm resmi web saýtyndan internetiň üsti bilen giriş peteklerini onlaýyn satyn alyp bilerler. 


Paýtagtdaky teatrlarda we Döwlet sirkinde hereket edýän petek kassalary hem öz işini ozalky tertibinde alyp barýar. Ol ýerde hem tomaşaçylar sahna oýunlaryň giriş peteklerini elektron bank kartlarynyň üsti bilen ýa-da nagt görnüşinde satyn alyp bilýärler.