Turkmenportal logo
27.01.20
5848458484
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «PÝGG-nyň jerime tölegi» atly mobil programma işläp başlady

Indi Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy üçin jerimeleri tölemäge artykmaç wagt sarp etmegiň geregi ýok. Munuň üçin Google Play-den «PÝGG-nyň jerime tölegi» atly programmany ýükläp, ony mobil telefona gurnamak ýeterlikdir.


Bu mobil gurluş Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini onlaýn tölemek üçin ýörite döredildi.


Programmany mobil telefon ýa-da kompýuter arkaly ýükläp alyp, töleg amallaryny amalaşa aşyryp bolýar.


Programmada sürüji we ulag barada ähli maglumatlar görkezilýär. Tölegiň kwitansiýasy mobil telefona SMS habary hökmünde gelýär.