Turkmenportal logo
25.01.20
1479214792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly futzalçy gyzlar CAFA ― 2020-däki ikinji duşuşygynda täjik garşydaşlaryny ýeňdiler

19 ýaşa çenli gyzlardan düzülen Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Täjigistanda geçirilýän CAFA ― 2019 halkara ýaryşyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Türkmenistanly gyzlar ikinji tapgyrda ýer eýelerini ― täjik futzalçylaryny 3:2 hasabynda ýeňdiler.


Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Eýran Owganystany 16:1, Özbegistan Gyrgyzystany 7:4 hasabynda ýeňdi. Iki tapgyrdan soňra Eýran bilen Özbegistanda 6, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanda 3 utuk bar.


Sebit ýaryşy bir aýlaw görnüşinde geçirilip, iň köp utuk ýygnan ýygyndy çempion bolar.