Turkmenportal logo
25.01.20
59575957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşany tassyklanyldy

Litwada geçiriljek futzal boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna dokuz aý galdy. Çempionatyň guramaçylyk topary tarapyndan onuň resmi nyşany tassyklanyldy ― diýip, «Sputnik Litwa» neşiri habar berýär.


Nyşanda reňkleriň ajaýyp sazlaşygy emele getirilipdir. Ony döredijiler Litwanyň geçmişini we şu gününi sazlaşdyrypdyrlar.


Dünýä çempionaty şu ýylyň 12-nji sentýabry ― 4-nji oktýabry aralygynda ýurduň üç şäherinde Wilnýus, Kaunas we Klaýped şäherlerinde geçiriler. Dünýä çempionaty 1996-njy ýyldan soň ilkinji gezek Ýewropada geçirilýär.


Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda ilkinji bäş orny eýeläp bilen ýygyndy dünýä çempionatynda ýaryşmaga hukuk gazanar.