Turkmenportal logo
23.01.20
85848584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika toplumynyň ýolbaşçylar düzümine üýtgeşmeleri girizdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Myrat Rejepowiç Artykow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşadyldy ― diýip, TDH habar berýär.
M.R.Artykow mundan beýläk Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygy wezipesinde işlär.


Şeýle hem döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.