Turkmenportal logo
21.01.20
46574657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün AFK-nyň kubogynyň täze möwsümine badalga berilýär

21-nji ýanwarda ― şu gün geçirilýän ilkinji duşuşyk bilen AFK-nyň kubogy ― 2020-ä badalga berilýär. Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň ilkinji duşuşygy Palestinanyň «Hilal Al-Kuds» topary bilen Omanyň «Sur» toparynyň arasynda bolar. Duşuşyk Palestinanyň Al-Ram şäheriniň Feýsal Al-Hosseýni adyndaky halkara stadionynda geçiriler.


Saýlama tapgyryň duşuşyklary 22-nji ýanwarda Gündogar Timoryň AFK-nyň kubogyna gatnaşýan ilkinji topary bolan «Lalenok Ýunaýted» bilen Indoneziýanyň «PSM Makassar» toparynyň arasynda bolar. Indonez kluby geçen ýyl AFK-nyň kubogynyň ASEAN zolagynda ýarym finala çenli baryp ýetipdi. Oýun Indoneziýanyň Gianýar şäherinde, «Kapten I Wayan Dipta» stadionynda bolar.


Şeýle hem ertir yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde «Swaýrieng» ― «Master 7», «Şri-Lanka Defenders» ― «Paro», «Indera» ― «Ýangon» duşuşyklary hem bolar.