Turkmenportal logo
19.01.20
2714827148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň tele we radio ýaýlymlarynda tehniki arakesme yglan edildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda – şu gün ýarygije sagat 00:00-dan gündiz sagat 12:00-a çenli tehniki arakesme yglan etdi. Komitet bu barada resmi saýtynda habar berýär.


Görkezilen aralykda teleradoýaýlymda käbir tehniki abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi sebäpli olar 12 sagadyň dowamynda işlemez. Gündiz sagat 12-den başlap, milli teleradioýaýlymlaryň ählisi öz gepleşiklerini bellenen meýilnama boýunça dowam eder.