Turkmenportal logo
25.12.19
1080110801
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýoldaşlyk duşuşygy: Türkmenistan (U-23) ― Katar (U-23) ― 2:2

Kataryň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy öz Watanynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysyndan ýeňilmekden soňky sekuntlarda halas boldy. Doha şäherindäki «Hamad Al Kabeer Stadiumda» geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


Duşuşykdaky ilkinji pökgini 21-nji minutda biziň ildeşimiz Begmyrat Baýow geçirdi. Şondan dört minut soňra ýer eýeleri hasaby deňlediler. 44-nji minutda Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy hasapda ýene öňe çykdy. Bu gezek Begenç Akmämmedow tapawtlandy. Ýer eýeleri şondan soň diňe 94-nji minutda Al Ýazidi Nasser Saleh Nasseriň geçiren goly bilen hasaby deňläp bildiler.


Şeýlelikde, türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen ýokary derejedäki duşuşygy geçirdiler.