Turkmenportal logo
01.12.19
61056105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altymyrat Annadurdyýewiň «Istiklola» geçiren goly AFK-nyň kubogy ― 2019-yň iň owadan gollaryna dalaşgär

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty AFK-nyň kubogy ― 2019-da iň owadan gollara dalaşgärleri yglan etdi. Sanawda 8 sany iň owadan gol dalaşgärleriň ses bermegine goýuldy.


AFK-nyň resmi saýtyna girip, Internet arkaly ses bermek mümkindir. Iň owadan gollaryň arasynda «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewiň şu ýylyň iýunynda bolan duşuşygyň 49-njy minudynda «Istiklolyň» derwezesine geçiren goly hem bar.


Okyjylarymyzy ildeşimize ses bermäge çagyrýarys.