Turkmenportal logo
25.11.19
1294612946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Görnükli türkmen žurnalisti Gözel Nuralyýewa 65 ýaşady
Görnükli türkmen žurnalisti Gözel Nuralyýewa 65 ýaşady

Şu gün görnükli türkmen žurnalisti Gözel Nuralyýewa 65 ýaşady. Gözel Nuralyýewa dürli ýyllarda «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory, medeniýet ministri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. Haýsy işde zähmet çekse-de, kärdeşleriniň we ýakynlarynyň arasynda belent adamkärçiligi, Watanyna, halkyna söýgüsi bilen özüni aldyrdy.


Gözel Nuralyýewa «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallaryna, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp boldy. Ol häzir hormatly dynç alyşda.


Halypa žurnalist häzir ýedi agtygyň bagtyýar enesi.


Turkmenportal Gözel Nuralyýewany ýubileýi bilen gyzgyn gutlaýar. Oňa berk jan saglygyny, maşgala abatlygyny arzuw edýär.