Turkmenportal logo
24.11.19
66936693
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arslanmyrat Amanow «Lokomotiwiň» düzüminde Özbegistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Daşkentiň «Lokomotiwiniň» düzüminde Özbegistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Bu barada «Championat.asia» habar berýär.


25-nji tapgyrda «Andijany» 4:0 hasabynda ýeňen «Lokomotiw» çempionatyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda  kümüş medalyň eýesi boldy. Şeýlelikde, topar indiki möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşmaga-da hukuk gazandy.


Daşkentiň «Lokomotiwiniň» 2013, 2014 we 2015-nji ýyllaryň futbol möwsümini hem kümüş medal bilen tamamlandygyny ýatladýarys.