Turkmenportal logo
24.11.19
41054105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň çempionatynda «Lokomotiw» «Andijany» uly hasap bilen ýeňdi, Arslanmyrat Amanow gol pasyny berdi

Şu gün Daşkentiň «Lokomotiwi» Özbegistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň çäginde «Andijany» 4:0 hasabynda ýeňdi diýip, «Championat.asia» habar berýär.


Habarda aýdylyşy ýaly, «demirýolçularyň» gollaryny Jemşit Iskanderow (40-njy minutda), Oston Urunow (68-nji minutda), Sardor Mirzaýew (70-nji minutda) geçirdi. 89-njy minutda bolsa «Andijanyň» goragçysy Ildar Mamatkazin öz derwezesine pökgi geçirdi.


Duşuşykda esasy düzümde meýdana çykan türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow 70-nji minutda Sardor Mirzaýewiň geçiren golunyň pasyny berdi. Ildeşimiz 78-nji minutda Ibrohim Ganihonow bilen ornuny çalyşdy.


Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitanynyň «Lokomotiwiň» düzümine şu ýylyň fewral aýynda goşulandygyny habar berýäris.