Turkmenportal logo
01.11.19
2257122571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandan Hytaýa konteýner otlusy ugradyldy

Ýakynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 45 sany konteýnere ýüklenilen kaliý dökünleri ýurdumyzyň Kelif demirýol bekedinden Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao portuna ugradyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.


Garlyk Kaliy dag-magdan toplumyndan ilkinji gezek ugradylan bu konteýner kerweni Gazagystan Respublikasynyň üsti bilen 9688 kilometr ýoly, takmynan, 15 günüň dowamynda geçip, HHR-niň Sindao portuna baryp ýeter.


Kaliý dökünleri ýüklenen şeýle uly kerwen Türkmenistandan daşary ýurtlara ilkinji gezek eksport edildi. Toplumda işleriň barha ilerlemegi bilen türkmen kalisiniň eksportyny geljekde has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar.


Habarymyzyň rus dilindäki görnüşinde kerweniň Gazagystan Respublikasyna baryp ýetendigi aýdylýar. Bu barada habarda «Gazak demir ýollarynyň» metbugat gullugyna salgylanylýar.