Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat demirýollary» gümrük postunyň gümrükçileri Aşgabatdan harytlaryň alnyp gidilýän mukdarynyň artýandygyny belleýärler ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty ýazýar.
Ine, diňe soňky aýda «Türkmenberkmetal» Hususy kärhanasy tarapyndan 77 tonnadan gowrak ýuwujy serişdeleri Özbegistan Respublikasyna çykaryldy. Bu «GÜNEŞ» haryt nyşanly awtomatiki usulda we elde ýuwulýan kir ýuwujy serişdeleridir.
Eksport harytlarynyň mukdarynyň artdyrylmagyna önüm öndürijileri goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty ýardam edýär. Telekeçilige ýardam bermek ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda import harytlaryň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini giňeltmek, harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
«Aşgabat demirýollary» gümrük postunda ýurduň çäginden çykarylýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirmesi hem-de gümrük gözegçiligi amala aşyrylýar. Gümrük postundan harytlaryň bökdençsiz we çalt geçmegi üçin ähli şertler döredilen.