Turkmenportal logo
29.08.19
79157915
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Monakoda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň täze möwsümi üçin bije çekilişik boldy

Monakoda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2019/2020-nji ýyllar üçin möwsüminiň bije çekilişigi boldy diýip, «Çempionat» habar berýär.


Bije çekilişigiň netijesi:


A toparça: «PSŽ», «Real», «Brýugge», «Galatasaraý».


B toparça: «Bawariýa», «Tottenhem Hotspur», «Olimpiakos», «Srwena Zwezda».


C toparça: «Mançester Siti», «Şahtýor», «Dinamo» (Zagreb), «Atalanta».


D toparça: «Ýuwentus», «Atletiko», «Baýer», «Lokomotiw».


E toparça: «Liwerpul», «Napoli», «Zalsburg», «Genk».


F toparça: «Barselona», «Borussiýa» (Dortmund), «Inter», «Slawiýa».


G toparça: «Zenit», «Benfika», «Lion», «RB Leýpsig».


H toparça: «Çelsi», «Aýaks», «Walensiýa», «Lill».


Ýaryşa 17-18-nji sentýabrda geçiriljek birinji tapgyryň duşuşyklary bilen badalga berler we toparçalaýyn ýaryşlar şu ýylyň 10-11-nji dekabrynda tamamlanar.


Öňdäki möwsümiň final duşuşygyny Stambul şäherindäki Atatürk stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.


Henize çenli 22 topar UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Olaryň 12-si bir gezekden köp çempion bolan toparlardyr. Ýaryşyň taryhynda ispan toparlarynyň 18 ýeňşi bar. Iň köp çempion bolan topar bolsa Madridiň «Realydyr» (13 gezek). Ýaryşyň soňky çempiony Angliýanyň «Liwerpul» topary.