Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Medeniýet hepdeliginiň hut şu senelere bagyşlanmagynda çuňňur many bar. Magtymguly etrabynyň çäklerinde geçirilen Medeniýet hepdeligi sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.
Şu günki baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň taryhy merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy.
Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde Medeniýet hepdeligi — 2019-yň ýapylyş dabarasy boldy we şu mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy.
Bu ýerde bolan çärelere belli ýerine ýetirijiler, meşhur folklor we tans toparlary bilen birlikde, sungat äleminde ilkinji ädimlere başlan aýdymçylar, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar we ýazyjylar goşuldylar. Tejribe hem-de ussatlyk ýaşlaryň belent ruhy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, ajaýyp baýramçylygyň ýatda galyjy wakalaryna beslendi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar giň möçberli döredijilik forumynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ol Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän beýik şahyryň muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.
Medeniýet hepdeligini geçirmek gezegi indiki welaýata gowşurmak çäresi dabaranyň aýgytly pursatlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan gadymy “küştdepdi” tansy konserte gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilip, ol bu ýerde guralan çärä özboluşly ruhubelentlik eçildi. Mähriban Watanymyzy döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap gadam urýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini wasp edýän ajaýyp aýdym konsertiň jemini jemledi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

