Turkmenportal logo
13.06.19
98829882
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedildi

Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.


Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine institut bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.