Turkmenportal logo
02.03.19
88278827
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine bolsa Myrat Garryýewiň atlary dakyldy

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda” Karary kabul etdi. 
Bu başlangyç Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda 14-nji fewralda geçirilen duşuşykda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta atylypdy.
Şeýle hem Mejlis “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Karary kabul etdi.