Dohada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän olimpiýa ýygyndymyz şu gün, 28-nji ýanwarda Kataryň olimpiýa ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýerli “Al-Arabi” toparynyň futbol meýdanynda geçirilýän bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlanar. Ýeri gelende aýtsak, olimpiýa ýygyndymyz Doha gitmezinden öňinçä Aşgabatda Marynyň «Energetigi» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bastardy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) habar berilýär.
3-nji fewrala çenli Kataryň paýtagty Dohada geçiriljek okuw-türgenleşiginiň dowamynda olimpiýa ýygyndymyz ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Katarda geçiriljek okuw-türgenleşigi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň (U-23) 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky taýýarlygy bolar.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry şu ýylyň 22 ― 26-njy marty aralygynda Eýranyň Tähran şäherinde geçiriler. “C” toparçada bäsleşýän olimpiýa ýygyndymyzyň garşydaşlary Eýranyň (22-nji mart), Yragyň (24-nji mart) hem-de Ýemeniň (26-njy mart) ýygyndylary bolar.

