Turkmenportal logo
03.11.18
47944794
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bilim we sport sergisi geçiriler

2-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanyna  13 — 14-nji noýabrda geçiriljek «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumda degişli ulgamlarda gazanylan üstünlikler, milli hem-de dünýä tejribeleri bilen tanyşdyrylar.


Ýurdumyzda guralýan halkara çäreler oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Geçirilýän forumlar oňyn tejribe alyşmak, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere serginiň we maslahatyň degişli derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.